Baýden Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Baýden, ABŞ-nyň Ukrainanyň bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

1769654
Baýden Bilen Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannama görä, telefon söhbetdeşliginde, Russiýa Ukraina hüjüm eden halatynda ABŞ-nyň hyzmatdaşlary bilen birlikde degişli karary kabul etmäge taýardyklaryny aýdan Baýden, ABŞ-nyň Ukrainanyň bitewiligine we özygtyýarlygyna goldaw berýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

ABŞ-nyň Ukraina geçen ýyl ýarym milliard dollarlyk ynsanperwer kömegini berendigine ünsi çeken Baýden, ABŞ-nyň Ukraina ykdysady taýdan kömek bermäge dowam etjekdigini belledi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem Baýden bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada Twitterden beren habarnamasynda “ABŞ-nyň Prezidenti Baýden bilen dartgynlygyň gowşamagy üçin diplomatiýa taýdan ediljek tagallalar hakynda pikir alyşdyk. Baýdene Ukraina berýän harby kömekleri üçin sagbolsuýn aýtdym” diýip belledi.



Degişli Habarlar