Tonga döwletinde ýer titremesi boldy

Ýuwaş okeanynda ýerleşýän Tonga döwletinde 6,2 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1769288
Tonga döwletinde ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi, ýeriň 4,2 km aşagynda emele gelen ýer titremäniň güýç merkeziniň Pangainiň 225 km demirgazyk-günbatarynda bolandygyny habar berdi. 

Ýuwaş okeanynda takmynan 170 adadan ybarat Tonga döwletiniň paýtagty Nukualofa şäheriniň 65 km demirgazygyndaky wulkan, 15-nji ýanwarda tüsse we gaz çykarmaga başlapdy. 

Wulkanda bolan güýçli partlamadan soň Tonga, Täze Zelandiýa, ABŞ, Kanada, Çili we Ýaponiýa üçin sunami duýduryşy berilipdi, sunami Tonganyň ähli adalaryna diýen ýaly täsir ýetiripdi. 


Etiketkalar: #sunami , #wulkan , #ýer titreme , #Tonga

Degişli Habarlar