Şarl Mişel Russiýa Duýduryş Berdi

ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel Russiýa Ukraina bilen bolmagy ähtimal harby çaknyşykda berk sanksiýalary güýje girizjekdiklerini duýdurdy.

1769110
Şarl Mişel Russiýa Duýduryş Berdi

Awstriýanyň Premýer-ministri Karl Nehammer Wenada ÝB Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda söz sözlän Mişel, Russiýanyň Ukraina serhedindäki harby goşunynyň aladalandyryjydygyny, dürli formatlardaky diplomatik gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Mişel; “Harby hüjümiň guralmagyna ählimiz taýýarlykly bolmak isleýäris. Eger şeýle bolsa, Russiýa iňňän agyr sanksiýalary güýje girizilmeli bolarys. Beýle bolmagyny islemeýäris, emma durnuklylygymyzy we howpsuzlygymyzy goramaly bolanda hiç zada boýun egmeris” diýdi.

“Ukraina abanýan howpuň bütin Ýewropa, hat-da ondan hem uly wehimdigini aňladýandygyny” beýan eden Mişel, Ukrainanyň territorial bitewiligine we özgytyýarlygyna sarpa goýýandyklaryny, wakalaryň iňňän aladalandyryjy bolandygyna garamazdan diplomatik ýollardan meseläni çözmek üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Awstriýanyň Premýer-ministri Nehammerde bolsa Russiýanyň Ukraina serhedinde harby goşunlarynyň sanyny artdyrmagynyň diňe bir alada däl, eýsem ynjyklyk döredežkdigini, özara duşuşyklarda ÝB-niň bilelikde hereket etmegi we wakalara garşy bilelikdäki strategiýanyň kesgitlenmegi hakynda pikir alyşandyklaryny beýan etdi.

Nehammer Russiýanyň hüjüme girişmezden ozal ÝB-niň sanksiýa goýmakda ygrarlydygyny ünsden düşürmeli däldigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar