ABŞ Russiýanyň teklibine jogap berdi

Russiýa geçen aý beren howpsuzlyk teklibi bilen baglanşykly ABŞ-dan ýazmaça jogap alandyklaryny habar berdi

1769024
ABŞ Russiýanyň teklibine jogap berdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, ABŞ-nyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jon Salliwanyň ministrlige gelendigi mälim edildi.

Salliwanyň Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko bilen duşuşyk geçirendigi bellenen beýanatda: "ABŞ-nyň ilçisi Russiýanyň howpsuzlyk teklipleri bilen baglanşykly ABŞ-nyň ýazmaça jogabyny berdi" diýip aýan edildi. 

ABŞ tarapy bolsa dialoga açykdyklaryny we diplomatiýany saýlaýandyklaryny bellän hatyň düzümini aýan etmejekdiklerini, rus tarapyndan hem şoňa garaşýandyklaryny habar berdi. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken: "ABŞ-nyň we hyzmatdaşlarynyň aladalaryny Russiýa ýetirdik" diýip aýan etdi.

"Galan zat bolsa Russiýa degişlidir. Biz iki ýagdaýada taýardyrys. Russiýanyň Ukraina garşy agressiýa ulanan halatynda global energiýa krizisine rugsat bermeris" diýip aýdan Blinken, Moskwanyň Ukrainany NATO kabul etmezlik baradaky teklibini bolsa yzyna ugradandyklaryny beýan etdi. 

Beýleki tarapdan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem, Russiýanyň howpsuzlyk kepilllikleri bilen baglanşykly ylalaşyk teklibine ýazmaça ýagdaýda jogap berendiklerini habar berdi. 

Stoltenberg, geçiren metbugat ýygnagynda: "NATO Russiýa ýazmaça teklip ugratdy. Muny ABŞ bilen paralel ýagdaýda ýerine ýetirdik" diýip belledi. 

Moskwa bilen hakyky dialoga taýardyklaryny aýdan Stoltenberg, Russiýa başga ýurtlara garşy güýç ulanmazlyk barada çagyryş berdi.

Ukrainanyň alýansa agzalygy babatynda bolsa Stoltenberg, NATO-nyň açyk gapy syýasatyny dowam etdirjekdigini nygtap, Russiýanyň Ukraina hüjüm eden halatynda onuň agyr netijesiniň boljakdygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #teklip , #Ukraina , #Russiýa , #ABŞ , #NATO , #Moskwa

Degişli Habarlar