Russiýa degişli harby gämiler Gara deňizde harby türgenleşik geçirer

Russiýanyň Goranmak ministrligi beýanat berdi

1768796
Russiýa degişli harby gämiler Gara deňizde harby türgenleşik geçirer

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "20-den gowrak harby gämi türgenleşik üçin Gara deňizde ozaldan kesgitlenen ýerlere girdi" diýip habar berildi. 

24-nji ýanwarda bolsa 20 rus harby gäminiň harby türgenleşik üçin Baltika deňizine girendigi mälim edilipdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 20-nji ýanwarda berilen beýanatda bolsa, Russiýanyň Harby-deňiz güýçleriniň ýanwar we fewral aýlarynda ähli jogapkär bolan ýerlerinde dowamly türgenleşikler geçirjekdigi aýan edilipdi. 



Degişli Habarlar