Bikanun Göçe Garşy Göreşde Türkiýä Ýardam Berilmeli

"Türkiýe, täze göç tolkunyna sezewar bolan halatynda 2016-njy ýylda baglaşylan immigrant şertnamasynyň dowam etdirilmeli kynlaşar”

1767560
Bikanun Göçe Garşy Göreşde Türkiýä Ýardam Berilmeli

Wengriýanyň Daşary işler ministri Piter Sziýarto, bikanun göçe garşy göreşde Türkiýä ýardam berilmelidigini aýtdy.

Belgiýanyň paýtagty Brýuselde geçirlen ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşan Piter Sziýarto, ÝB-niň Afrika we Ýakyn Gündogar meselesinde alyp barýan syýasatyny üýtgetmelidigini, beýle bolman halatynda ýokarda ady agzalýan sebitde ÝB-niň täsiriniň azaljakdygyny nygtady.

Wengriýanyň Daşary işler ministri, ÝB-niň, siriýaly we liwiýaly bosgunlaryň ýurtlaryna dolanmagy we täze göç tolkunynyň öňüniň alynmagy üçin degişli çäreleri görmelidigini ýatlatdy.

Ministr Piter Sziýarto “Has köp siriýalynyň öýüne dolanmagy üçin Türkiýä ýardam berilmeli. Türkiýe, täze göç tolkunyna sezewar bolan halatynda 2016-njy ýylda baglaşylan immigrant şertnamasynyň dowam etdirilmeli kynlaşar” diýdi.



Degişli Habarlar