Yrakda elektrik tok krizisi başdan geçirilýär

Eýranyň köpelen bergileri sebäpli Yraga tebigy gaz eksportyny bes etmegi sebäpli ýurtda soňky 2 gün bäri elektrik toklaryň kesilmegi başdan geçirilýär

1767001
Yrakda elektrik tok krizisi başdan geçirilýär

Yragyň Elektrik ministrliginden başdan geçirilýän krizis sebäpli beýanat berildi. 

Eýrandan Yraga tebigy gazyň akdyrylýan 4 aýry turba geçirijiniň ýapylandygy, şeýlelik bilen Eýrandan gelýän gündelik 50 million kub metr tebigy gaz mukdarynyň 8,5 million kub metre çenli azalandygy mälim edildi. 

Beýanatda elektrik toklaryň kesilmeginiň ýene-de bir sebäbiniň bolsa milli tebigy gaz görkezijilerindäki 50 göterimlik azalmadygy habar berildi. 

Elektrik ministrliginiň metbugat sekretary Ahmed Musa döwlet telewideniýesine beren beýanatynda, Eýranyň Yragyň bu ýurda köpelen bergileri sebäpli turba geçirijilerini ýapandygyny aýan etdi. 

Ahmed Musa Maliýe ministrligine çagyryş berip, Eýrana bolan gaz berginiň berilmegini isledi. 

Ýurdyň paýtagty Bagdat şäheri başda bolmak bilen Kerkük, Diýala, Nejef, Kerbela, Kadisiýe, Musenna we Babil ýaly welaýatlarda eýýäm 2 gün bäri elektrik tok kesilmeleri başdan geçirilýär. 

Sowuk howa bilen birlikde elektrik toklaryň hem kesilmegi yraklylaryň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýär. 


Etiketkalar: #elektrik tok , #Eýran , #Yrak

Degişli Habarlar