Polşa Ukraina goldaw berer

Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda Russiýanyň hüjüm guran halatynda Ukraina goldaw berjekdiklerini habar berdi

1766921
Polşa Ukraina goldaw berer

Andžeý Duda Ukraina bilen Russiýanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk bilen bagly anna güni Polşanyň günortsyndaky syýahatçylyk zolagy Wislada Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi. 

Duda, geçiren duşuşygy bilen bagly beren beýanatynda, Ukrainanyň Russiýanyň hüjüm halatynda ýurdunyň goldawyna ynam bildirip biljekdigini we Kiýewiň Ýewropa bilen integrasiýasyna doly goldaw berýändiklerini habar berdi. 

Dudanyň daşary syýasat maslahatçysy Jeýkob Kumoç: "NATO göwrümi we ölçegi nahili bolsa bolsun her dürli hüjüme garşy garşylyk görkezmäge jogapkärdir" diýip belledi. 

Polşanyň metbugatynda Polşa bilen Ukrainanyň arasynda ýörite aragatnaşyk liniýasynyň döredilmeginiň we öňümizdäki hepdäniň içinde iki ýurdyň Wise-prezidentleriniň arasynda has köp duşuşyk geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #goldaw , #Ukraina , #Polşa

Degişli Habarlar