Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň günbtaryndaky Hyrat welaýatynda asuda ilaty daşaýan mikroawtobusa garşy guralan bombaly hüjümde 6 adam ýogaldy

1766861
Owganystanda bombaly hüjüm guraldy

Talibanyň hökümetiniň Hyrat welaýat Içeri işler edarasy, Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Hajy Abbas diýilýän ýerinde asuda ilaty daşaýan mikroawtobusa garşy bombaly hüjümiň guralandygyny habar berdi. 

Hyrat Döwlet hassahanasynyň Baş lukmany Muhammed Arif Jelali, hüjümde aralarynda zenanlaryň hem bolan jemi 6 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar