Nemes serkerde Russiýa bilen bagly beren beýanaty sebäpli wezipesinden çekildi

Germaniýada Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi wise-admiral Kaý-Ahim Şýonbah "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine düşünje bilen garalmaly" diýen sözleri bilen bagly wezipesinden çekildi

1766943
Nemes serkerde Russiýa bilen bagly beren beýanaty sebäpli wezipesinden çekildi

Nemes habarlar agentligi DPA-nyň berýän habaryna görä Goranmak ministrligi, Federal Mejlisiň Goranmak komissiýasynyň agzalaryna Kaý-Ahim Şýonbahyň wezipesinden çekilendigini habar berdi. 

Germaniýanyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi wise-admiral Kaý-Ahim Şýonbah Hindistanda geçen maslahatlaryň birinde Russiýa we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen baglanşykly beýanat berip, oňa düşünje bilen garalmalydygyny beýan edipdi. 

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlyk bilen bagly Şýonbah: "Krym ýarymadasy gitdi, yzyna gaýtaryp bolmaz" diýip belläpdi, Russiýanyň Ukrainanyň topraklaryny basyp almak islemegini bolsa "Akmaklyk" hökmünde häsýetlendiripdi. 

Şýonbah Hytaýa garşy hem Russiýa zerurlygyň bardygyny belläp: "Putin ateist bolmagyna garamazdan bu möhüm däl. Bu uly ýurtda demokratiýa bolmasada, ikitaraplaýyn hyzmatdaş hökmünde ýanymyzda bolmagy hem Russiýany Hytaýdan uzak saklap biler" diýip habar beripdi. 

Germaniýanyň Goranmak ministrligi hem Şýonbahyň beýanatynyň mazmuny we söz saýlamagy taýdan hiç bir ýagdaýda Federal Goranmak ministrliginiň pozisiýasyna laýyk gelmeýändigini mälim edipdi. 

Germaniýanyň Kiýew şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Anka Feldhuzen Şýonbahyň beýanaty sebäpli Ukrainanyň Daşary işler ministrligine çagyrylypdy. 



Degişli Habarlar