Ýaponiýa Ýer Titredi

Ýer titremesinde 9 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

1766596
Ýaponiýa Ýer Titredi

Ýaponiýanyň günorta günbatarynda 6,6 bal ululygyda ýer titremesii boldy.

Ýer titremesinde 9 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Ýaponiýada ýerli wagt bilen 01.08-de, ýeriň 45 kilometr aşagynda 6,6 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygy nygtaldy.

Oita, Miýazaki, Koçi we Kumamoto welaýatlarynda täsirli bolan ýer titremesinde 5-i Oitada we 4-i Miýazakide bolmak bilen 9 adamyň ýaralanandygy bellenildi.

Ýer titremesinden soň sunami duýduryşy berilmedi emma käbir şäherlerde elektrik togy we agyz suwy kesildi.



Degişli Habarlar