Talibanyň Wekiliýeti Osloda Gepleşikler Geçirer

Owganystanda häkimiýeti dolandyrýan Talibanyň wekiliýetiniň geljek hepde Norwegiýanyň paýtagty Osloda gepleşikler geçirjekdigini habar berildi.

1766369
Talibanyň Wekiliýeti Osloda Gepleşikler Geçirer

Norwegiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Talibanyň wekiliýetiniň ýanwar aýynyň 23-25-i aralygynda Oslo çagyrylandygy mälim edildi.

Talibanyň wekiliýetiniň Norwegiýanyň hökümetiniň, käbir hyzmatdaş ýurtlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşmak üçin Norwegiýada saparda boljakdygyna üns çekilýän beýannamada, duşuşyklara haýsy ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşjakdygy hakynda maglumat berilmedi.

Norwegiýanyň Daşary işler ministri Anniken Huitfeld Owganystandaky gumanitar pajyga alada bildirip, soňky döwürde başdan geçirilenleri “millionlarça adama zyýan ýetirýän doly göwrümli gumanitar pajyga” hökmünde häsýetlendirdi.

Huitfeld bu duşuşyklaryň Talibanyň kanunylaşdyrylmagy ýa-da ykrar edilmegi däldigini, emma ýurdy dolandyrýanlar bilen gepleşikleriň geçirilmelidigini beýan etdi.

Ministr Huitfeld syýasy şertleriň çökgünligi hasam çuňlaşdyryp, gumanitar pajyga sebäp bolmagyna ýol bermejekdiklerini nygtady.



Degişli Habarlar