Russiýa Belarusa S-400 Howa Goranyş Ulgamyny Ugratdy

Russiýanyň harby türgenleşikler üçin Belarusa 2 sany S-400 howa goranyş ulgamyny ugradandygy habar berildi.

1766271
Russiýa Belarusa S-400 Howa Goranyş Ulgamyny Ugratdy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada S-400 ulgamynyň Belarusda Russiýa bilen geçirilýän “Ýaranlykda ygrarlylyk-2022” atly bilelikdäki harby türgenleşige gatnaşjakdygy habar berildi.

Beýannamada türgenleşik üçin S-400 howa goranyş ulgamynyň ýany bilen “Pantsir-S” howa goranyş raketa ulgamlarynyň we 12 sany “Su-35” harby uçarynyň Belarusa ugradyljakdygy mälim edildi.

“Ýaranlykda ygrarlylyk-2022” atly bilelikdäki harby türgenleşik 10-njy fewralda başlar.



Degişli Habarlar