Halkara Gyzyl Haç Komitetine Kiber Hüjüm Guraldy

Gyzyl haçyň internet sahypasynda berilen beýannamada 515 müň goragsyz adamyň maglumatlarynyň ogurlanandygy habar berildi.

1766260
Halkara Gyzyl Haç Komitetine Kiber Hüjüm Guraldy

Görkeziler Gyzyl haçyň üçünji tarap şweýsariýaly kärendeçiden ogurlandy.

Gyzyl haç kompýuter garakçylaryny dünýä derejesinden azyndan 60 Gyzyl haç we Ýarym gyzylaý guramasyndan gelen maglumatlary çap etmezlige çagyrdy.

Çagyryşda; “Bu adamlaryň başdan geçirenlerine çydamaklary kyn we ol maşgala agzalary üçin gam-gussa sebäp bolar. Dogry çemeleşiň. Bu maglumatlary satmaň, başgalaryna bermäň ýa-da başga maksatlar üçin ulanman” diýilýär.

Gyzyl haçyň baş Direktory Robert Mardini; “Bu kiber hüjüm häzirki wagtda gumanitar hyzmatlara mätäçlik duýýan goragsyz adamlara uly howp salýar” diýdi.

Ogurlanan maglumatlar, konstruktiw maksatnamalara elýeterlilikde ulanylýan atlardan, ýerleşýän ýerlerden, aragatnaşyklary maglumatlardan we şahsy görkezijilerden ybarat.

Kiber hüjümde Gyzyk haç üçin işleýän 2 müň işgäriň we meýletiniň giriş maglumatlary hem ogurlandy.

Uruş ýa-da tebigy apatlar sebäpli aýra düşen maşgala agzalaryny tapyşdyrýan “Restoring Family Links” atly tilsimat kiber hüjüm sebäpli ýapyldy.

 



Degişli Habarlar