Günorta Afrikada Kowid-19 Sanjymyny Öndürýän Kärhana Açyldy
Günorta Afrikada 2025-nji ýyla çenli 1 milliard doza koronawirus sanjymyny öndürjek karhana açyldy.
1765700
Günorta Afrikada doglan amerikaly işewür Patrik Sun-Şiongyň Keýp Town şäherinde açan sanjym kärhanasynyň açylyşy üçin dabara guraldy.
Dabara Prezident Kyril Ramaposa bilen köp sanly ýokary derejeli döwlet resmisi gatnaşdy.
Kärhananyň 2025-nji ýyla çenli jemi 1 milliard doza Kowid-19 sanjymyny öndürmegi meýilleşdirilýär.