Ýewropa Parlamendiniň täze başlygy Roberta Metsola boldy

Ýewropa Parlamendiniň başlygy üçin geçirilen saýlawda Roberta Metsola üstün çykdy

1764476
Ýewropa Parlamendiniň täze başlygy Roberta Metsola boldy

Geçen hepde aradan çykan Ýewropa Parlamendiniň (ÝP) ozalky başlygy Dewid Sassoliniň wezipe möhlediniň tamamlanmagy sebäpli Starsburgdaky geňeşde geçirilen saýlawda Metsola saýlawlaryň ilkinji tapgyrynda Parlamentde 458 ses alyp Ýewropa Parlamendiniň täze başlygy boldy. 

Roberta Metsolanyň saýlanmagy bilen ÝP-niň başlygy wezipesine 3-nji gezek zenan saýlandy. 

Metsola ozal ÝP-niň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlemek bilen birlikde, Parlamendiň başlyklygyna öz dogulan gününde saýlandy. 

Saýlawdan soň deputatlara ýüzlenip çykyş eden Metsola, özüne berilen jogapkär wezipe sebäpli bagtyýardygyny belläp: "Parlament we bütin Ýewropa Bileleşiginiň raýatlarynyň bähbidi üçin üçin işläp elimden gelenini etjekdigim barada söz berýärin" diýip habar berdi. 

Parlamentiň iň uly syýasy topary bolan Ýewropa Halk Partiýasynyň agzasy bolan Metsola, ilkinji gezek 2013-nji ýylda Malta döwletinden deputat hökmünde saýlanypdy. 

Merkezi sagjy we konserwatiw çyzykdaky 4 çaganyň ejesi bolan 43 ýaşyndaky Metsola, deputatlygyndan ozal aklawjy bolup işleýärdi. 



Degişli Habarlar