Nigeriýada Boko Harama Uly Zarba Urulýar

Boko Harama garşy giň gerimli operasiýa başladyldy we köp sanly terrorçy öldürildi

1763587
Nigeriýada Boko Harama Uly Zarba Urulýar

Nigeriýanyň demirgazyk gündogarynda terror guramasy Boko Harama garşy guralan operasiýalarda köp sanly terrorçy öldürildi

Harby goşunyň metbugat geňeşçisi Onýema Nuwaçuwu beren ýazmaça beýannamasynda, terrorçylaryň Borno welaýatyndaky harby merkeze hüjüm guramaga synanşandygyny aýtdy.

Nuwaçuwu bu wakadan soň esgerleriň Boko Harama garşy giň gerimli operasiýa başladandygyny we köp sanly terrorçynyň öldürlendigini ýatlatdy.

Operasiýada terrorçylaryň düşelgesiniň bombalanandygyny aýdan Nuwaçuwu, gurama degişli köp sanly ýaragyň we ok-däriniň ele geçirlendigini belledi.

Boko Haram soňky ýyllarda guralan operasiýalara garamazdan Afrikanyň iň köp ilatly ýurdy Nigeriýa howp salmaga dowam edýär.

Nigeriýada Boko Haramyň 2009-njy ýyldan bäri guraýan terrorçylykly hüjümlerinde 20 müňden gowrak adam ýogaldy.

Terror guramasy 2015-nji ýyldan bäri Kamerunda, Çatda we Nigerde hem hüjümler guraýar.



Degişli Habarlar