Dominikan Respublikasyndaky tussaghanada bolan jenjelde 3 adam ýogaldy

Köp sanda howpsuzlyk güýçlerinň gönükdirilen tussaghanada waka bilen bagly derňew işi başladyldy

1763605
Dominikan Respublikasyndaky tussaghanada bolan jenjelde 3 adam ýogaldy

Karib döwleti bolan Dominikan Respublikasyndaky tussaghanalaryň birinde tussaglylaryň arasynda bolan jenjelde 3 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy. 

Metbugatda berilen habarlara görä, ýurdyň paýtagty Santo-Domingo şäherindäki La-Wiktoriýa tussaghanasynda, tussaglylaryň içindäki 2 toparyň arasynda uruş ýüze çykdy. 

Pyçaklaryň we ýaraglaryň ulanylan jenjelde 3 tussagly ýogaldy, 9 adam bolsa ýaralandy. 

Köp sanda howpsuzlyk güýçlerinň gönükdirilen tussaghanada waka bilen bagly derňew işi başladyldy. 



Degişli Habarlar