Birleşen Arap Emirliklerinde Guralan Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

Hüjümiň 3 ýangyç tankeriniň ýarylmagyna sebäp bolandygy ýatladyldy.

1763977
Birleşen Arap Emirliklerinde Guralan Hüjümde 3 Adam Ýogaldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabide uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümlerde 3 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.

BAE-niň WAM habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Abu Dabidäki Musaffah etrapçasyna uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guraldy.

Hüjümiň 3 ýangyç tankeriniň ýarylmagyna sebäp bolandygy ýatladyldy.

Howpsyzlyk güýçleri, hüjümde biri pakistanly, 2-i hindistanly 3 adamyň ýogalandygyny, 6 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Partlamadan soň BAE-niň milli nebit firmasy ADNOJ bilen Abu Dabiniň halkara howa menziliniň golaýynda ýangynyň bolandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar