BAE-de yzyly-yzyna partlamalar boldy

Partlamalarda ilkinji kesgitlemelere görä 3 adam ýogaldy

1763883
BAE-de yzyly-yzyna partlamalar boldy

BAE-niň paýtagty Abu-Dabi şäherinde ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümlerde 3 adam ýogaldy. 

Polisiýa gullugy hüjümlerde şeýle hem 6 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 

BAE-niň resmi WAM habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Abu-Dabi şäherindäki Musaffah etrapçasyna ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen bilen hüjümler guraldy. 

Hüjümleriň netijesinde 3 ýangyç tankeriniň partlandygy aýan edildi. 

Partlamadan soň BAE-niň milli nebit kärhanasy ADNOC-da we Abu-Dabi halkara howa menziliniň golaýynda ýangynyň ýüze çykandygy mälim edildi. 

Hüjümleriň uly göwrümli zyýana sebäp bolmandygy bellenip, ýogalanlaryň we ýaralanan adamlaryň anyk sany barada bolsa maglumat berilmedi. 

Beýleki tarapdan Husileriň harby metbugat sekretary Ýahýa Seri, Husilere degişli El-Mesire telewideniýesine beren beýanatynda, BAE-e garşy guralan hüjümler barada öňümizdäki sagatlarda beýanat berjekdigini habar berdi. 


Etiketkalar: #Husiler , #Abu Dabi , #hüjüm , #BAE

Degişli Habarlar