ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýük otlylary talandy

Materiallarda Los-Anjeles şäheriniň golaýyndaky ýük otlylarynyň geçýän relsleriniň üstüniň paketler bilen gaplydygyny görüp bolýar

1763210
ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýük otlylary talandy

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los-Anjeles şäherinde ogrylaryň eýýäm ençeme aý bäri şäheriň merkezine girýän mahaly tizligini ýuwaşladýan ýük otlylaryny talandyklary ýüze çykdy. 

Anadoly habarlar agentligine degişli topar, Los-Anjeles şäherinde ogrylaryň hünäri ýagdaýyna öwrülen ýük otlylarynyň geçýän zolagyny wideo düşürdi. 

Ogrylar aglabasynyň gapysy açyk bolan ýük otlylarynyň Los-Anjeles şäherine girýän mahaly tizligini peseldýändiginden peýdalanyp, otlylary taladylar. 

Özlerine gerek bolan we satyp bolýan zatlary ogrulan ogrylar, galan poçtalary bolsa relslere dökýärler. 

Materiallarda Los-Anjeles şäheriniň golaýyndaky ýük otlylarynyň geçýän relsleriniň üstüniň paketler bilen gaplydygyny görüp bolýar. 



Degişli Habarlar