ABŞ-nyň EastMed Taslamasyndan Goldawyny Çekmegi Möhüm Däl

Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakis ABŞ-nyň Gündogar Ortaýer deňizi turba geçiriji taslamasyndan (EastMed) goldawyny çekmeginiň Gresiýa üçin “ähmiýetli bolmadygyny” öňe sürdi.

1762811
ABŞ-nyň EastMed Taslamasyndan Goldawyny Çekmegi Möhüm Däl

“NT1” teleýaýlymynda çykyş eden Mikotakis “EastMed” taslamasynyň maýa goýum taslamasydygyna ünsi çekip, taslamanyň amatly bolup bolmandygyny bazaryň kesgitlejekdigini öňe sürdi.

Mikotakis Müsürden Gresiýa suwklandyrylan tebigy gazyň getirilmegine we Müsürde gün energiýasyndan öndüriljek elektrik togunyň Gresiýa we Ýewropa satylmagy boýunça taslamalary “EastMed-e” alternatiw hökmünde häsýetlendirdi.

Ýurduň “ýüzöwürdiji güýjüni” maliýe mümkinçiliklerine laýyklykda yzgiderli artdyrmakdan jogapkärdigini aýdan Mikotakis; “İlkinji Rafaeller geljek gepde ýurdumyza geler” diýdi.

Mikotakis Gresiýanyň harby deňiz güýçleriniň ýaraglanma maksatnamasynda-da möhüm özgerlişikleriň boljakdygyny beýan edip, bu barasynda ýakyn gelejekde maglumat beriljekdigini aýtdy.

Ykdysady çökgünlik sebäpli ýaragly güýçlere goýulan maýanyn 10 ýyldan bari azalandygyny beýan eden Mikotakis goşunyň geljek 30 ýyl üçin güýçlendiriljekdigini mälim etdi.

Türkiýe bilen dialog gapysynyň açykdygyny aýdan Mikotakis; “Dialog gapysy açyk we meniň Prezident Erdogan bilen şahsy duşuşyk geçirme ähtimallygym elmydama bar” diýdi.

Türkiý bilen Gresiýanyň goňşy ýurtlardygyny nygtan Mikotakis; “Biz baky goňşy bolarys. Geografiýa bizi bilelikde ýaşamaga mejbur edýär” diýdi.



Degişli Habarlar