Bennet Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Bennet bilen Putin, Eýranyň ýadro maksatnamasy hakynda pikir alyşdy.

1762431
Bennet Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Ysraýylyň Premýer-ministri Naftali Bennet bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Eýranyň ýadro maksatnamasy hakynda pikir alyşdy.

Ysraýyl tarapyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Bennet bilen Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lideriň sebitara howpsyzlygyň başda durmagynda birnaçe mesele hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Bennet bilen Putiniň iki ýurduň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygy ýatladyldy.

Beýannamada iki lideriň Eýranyň ýadro maksatnamasy we halkara howpsyzlyk meselesini ara alyp maslahatlaşandygy we Putiniň Bennet bilen aýalyny San Peterburga çagyrandygy bellenildi.



Degişli Habarlar