Russiýa Ukraina Serhedinde Harby Türgenleşik Başlatdy

Türgenleşige 10 müňden gowrak esgerin gatnaşýandygy habar berildi.

1762014
Russiýa Ukraina Serhedinde Harby Türgenleşik Başlatdy

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Günorta harby sebitinden berilen ýazmaça beýannamada ýurduň günortasyndaky köp sanly tälim meýdanyndaky türgenleşige motoatyjy batalýonlarynyň ýany bilen Gara we Hazar deňizlerindäki flotlaryndan harby bölümleriň gatnaşýandygy habar berildi.

Beýannamada; “10 müňden gowrak harby personalyň gatnaşmagynda Wolgograd, Astrahan, Stawropol, Rostow we Krasnodar sebitlerinde türgenleşik geçiriler. Taktiki toparlar, harby artilleriýa batareýalaryna garşy durmak, awiasiýa we mergençilik ýaly dürli barlag hem-de hüjüm ulgamlary täze taktiki operasiýa usulyýetlerinde hünärmenleşerler” diýilýär.

Russiýa bilen NATO-nyn arasynda Ukraina meselesinde dowam edýän dartgynlyk sebäpli düýn Belgiýanyň paýtagty Brýusselde maslaat geçirilipdi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko maslahatdan soň beren beýannmasynda Russýanyň howpsuzlyk bilen bagly tekliplerine NATOdan “anyk” jogap bermegine garaşýandyklaryny aýdypdy.



Degişli Habarlar