Ýemeniň Goşuny, Husileriň Soňky Galasyny Yzyna Aldy

Ýemeniň goşunlary, Husileriň “soňky galasy” hökmünde häsiýetlendirlen Aýn etrabynda gözegçiligi ele geçirdi.

1760301
Ýemeniň Goşuny, Husileriň Soňky Galasyny Yzyna Aldy

Ýemeniň goşunlary, ýurduň günorta gündogarynda ýerleşýän Şebwe welaýatynda Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň “soňky galasy” hökmünde häsiýetlendirlen Aýn etrabynda gözegçiligi ele geçirdi.

Harby töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Ýemeniň goşuny, Aýn etrabyna hüjüm gurady we Husileriň “soňky galasy” hökmünde häsiýetlendirlen Aýn etrabynda gözegçiligi ele geçirdi.

Aýn etrabynyň yzyna alynmagy bilen harby goşunyň baý nebit känlerine eýe bolan Şebwe welaýatynda 17 etabyň gözegçiligini ele geçirendigi, Husileriň bolsa Marib we Al Beýda welaýatlaryna tarap çekilendigi nygtaldy.

Husiler bolsa mesele hakynda heniz hiç hili beýannama bermedi.



Degişli Habarlar