KHYG-nyň Parahatçylyk Güýjüniň Çykarylmagyna Gazagystan Karar Berer

Russiýa Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň Parahatçylyk güýjüniň ýurtdaky çykarylmagynda karar berme hukugynyň Gazagystana degişlidigini beýan etdi.

1760840
KHYG-nyň Parahatçylyk Güýjüniň Çykarylmagyna Gazagystan Karar Berer

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow paýtagt Moskwada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň KHYG-nyň Parahatçylyk güýjüniň 2 gün soň tapgyrlaýyn görnüşde ýurtdan çykmaga başlajakdygy barasyndaky beýanaty hakynda garaýyş beýan eden Peskow; “Ol, dolulygyna KHYG-na ýüz tutan ýurduň özbaşdak hukugydyr. Bu olaryň analizi we bizin oňa goşulyşmaga hakymyz ýok” diýdi.

Peskow, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde düýn geçirilen ABŞ bilen Russiýanyň wekiliýetleriniň arasyndaky howpsuzlyk meselelerindäki gepleşikler hakynda bolsa; “Häzirlikçe hoşniýetli bolmak üçin sebäp ýok” diýdi.

Peskow şol gepleşiklerde netije gazanylmalydygyny nygtap; “Ol, geçirilmek üçin geçirilen gepleşik däl. Ol kanagatlandyryjy bolmaz. Sebäbi bu ýerde netije möhüm. Netije hakynda bolsa häzirlikçe aýdara zat ýok” diýdi.

Peskow gelejekde täze tapgyr gepleşikleriň geçiriljekdigine hem ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar