KHG-nyň Parahatçylyk Güýji Gazagystandan Bellenen Möhletde Çykmaly

Ukraina Gazagystanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýar.

1760417
KHG-nyň Parahatçylyk Güýji Gazagystandan Bellenen Möhletde Çykmaly

Ukraina, Gazagystana giden we esasy bölegi rus esgerlerinden ybarat Kollektiw Howpsyzlyk guramasynyň Parahatçylyk güýjüniň, kesgitlenen möhletden daşary Gazagystanda galmaly däldigini mälim etdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamadai Gazagystanda başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanylýandygy nygtaldy.

Beýannamada, köp sanly adam pidasynyň çekilmegine sebäp bolan wakalar berk ýazgadyldy we başdan geçirlen wakalarda ýogalanlar üçin gynanç bildirildi.

Gazagystanyň çakylygyna laýyklykda esasy bölegi rus esgerlerinden ybarat daşary ýurtly güýçleriň ýurda ornaşdyrlandygyna üns çekilen beýannamada, parahatçylyk güýjüniň Gazagystanyň özygtyýarlygyna sarpa goýulmalydygy we kesgitlenen möhletden daşary şol ýurtda galmaly däldigi bellenildi.

Beýannamada, Ukrainanyň Gazagystandaky raýatlarynyň bähbitlerini goramaga dowam etjekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar