ABŞ-nyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary özara duşuşyk geçirdiler

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi. R. Şermanyň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen duşuşyk geçirendigi habar berildi

1759779
ABŞ-nyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary özara duşuşyk geçirdiler

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat geňeşçisi Ned Praýs tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Şermanyň we Rýabkowyň 10-njy ýanwarda şu gün Strategik Durnuklylyk Dialogynyň nobatdan daşary maslahatynda ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 

Beýanatda: "ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary duşuşykda ABŞ-nyň halkara özygtyýarlylyk ýörelgelerine, territorial bütewiligine we özbaşdak milletleriň öz alýanslaryny saýlamak hukuklaryna baglylygyny nygtap geçdi" diýip habar berdi. 

Şermanyň rus kärdeşine ABŞ-nyň diplomatiýa ýoly bilen hakyky bir öňe gidişlik etmekden hoşal boljakdygyny beýan etdi. 

Beýanatda: "ABŞ Strategik Durnuklylyk Dialogynyň nobatdan daşary maslahatynda Russiýa bilen käbir ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşar, emma ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bolmadan Ýewropanyň howpsuzlygyny maslahatlaşmaz" diýip aýan edildi. 

Beýanatda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň käbir meseleleriň bolsa 12-nji ýanwarda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde geçiriljek NATO-Russiýa Geňeşinde we 13-nji ýanwarda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçiriljek ÝHHG-niň Hemişelik geňeşiniň maslahatynda ele alynjakdygy nygtaldy. 



Degişli Habarlar