ABŞ-da 19 gatly binada ýangyn ýüze çykdy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 19 adam ýogaldy

1759753
ABŞ-da 19 gatly binada ýangyn ýüze çykdy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 19 gatly binada ýüze çykan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 9-y çaga 19 adam ýogaldy. 

Nýu-Ýorkyň Ýangyn söndürijiler edarasynyň komissary Daniel Nigro geçiren metbugat ýygnagynda, ýangynda aralarynda çagalaryň hem bolan azyndan 63 adamyň ýaralanandygyny we ýaralanan adamlaryň 32-siniň saglyk ýagdaýynyň tankydydygyny mälim etdi. 

Daniel Nigro, ýangynyň 2-nji we 3-nji gatlaryny öz içine alýan dupleks bir öýde ýüze çykandygyny we ýangyn söndüriji toparyň gelen mahaly otagyň gapysynyň açyk bolandygyny belläp, onuň bolsa ýangynyň ýaýramagyna we tüssäniň tizlik bilen ýokarydaky gatlara tarap ýaýramagyna sebäp bolandygyny habar berdi. 

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Erik Adams beren beýanatynda: "Bu döwrebap döwürde Nýu-Ýork şäherinde şaýat bolan iň erbet ýangynlaryň biri" diýip aýan etdi. 

Ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek anyklanmady, ýangyn bilen bagly derňew işi başladyldy. 


Etiketkalar: #bina , #ýangyn , #Nýu Ýork

Degişli Habarlar