Pakistanda Aşa Köp Ýagan Gar Sebäpli Ýolda Galan 16 Adam Ulagynda Ýogaldy

Syýahatçylyk şäherine ýurduň çar tarapyndan 125 müňden gowrak ulagyň gelendigi nygtalýar.

1759312
Pakistanda Aşa Köp Ýagan Gar Sebäpli Ýolda Galan 16 Adam Ulagynda Ýogaldy

Pakistanyň Murre şäherinde aşa köp ýagan gar ýagyşy sebäpli ýolda galan 16 adam sowuk sebäpli ýogaldy

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri paýtagtdan 70 kilometr alysda ýerleşýän Murree şäherinde we Galiýat etrabynda düýn agşamdan bäri gar ýagýar.

Murree şäherinde gar sebäpli ýolda galan 16 adam ulaglarynda jan berdi.

Içeri işler ministri Şyh Raşid Ahmed, hepdäniň ahyrynda dynç almak üçin şähere giden ulaglaryň ýolda galandygyny we ýagdaýyň gözegçilik astyna alynmagy üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Ministr Ahmed daglyk sebitde ýerleşýän şähere girmegiň we şäherden çykmagyň ertir agşama çenli gadagan edilendigini belledi.

Syýahatçylyk şäherine ýurduň çar tarapyndan 125 müňden gowrak ulagyň gelendigi nygtalýar.


Etiketkalar: #gar , #ulag , #Pakistan

Degişli Habarlar