Nikaragua döwletinde ýer titreme boldy

Orta Amerikada ýerleşýän Nikaragua döwletinde 6,1 bal ululygynda ýer titreme boldy

1758616
Nikaragua döwletinde ýer titreme boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy-derňew merkezi, ýeriň 21,7 km aşagynda emele gelen ýer titremäniň güýç merkeziniň Korinto sebitiniň takmynan 56 km günortasyndadygyny habar berdi. 

Ýurdyň paýtagty Managua şäherinde hem duýulan ýer titremede, raýatlaryň köçelere çykandygy, howa menzilindäki ýolagçylaryň terminallardan çykarylandygy habar berildi. 

Ýer titremede häzirki wagta çenli adam pidalarynyň bolandygy barada maglumat berilmedi. 

Nikaraguada 2000-nji ýylyň 8-nji iýulynda bolan 5,9 bal ululygyndaky ýer titremede 12 adam ýogalypdy. 


Etiketkalar: #ýer titreme , #Nikaragua

Degişli Habarlar