Russiýada nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn ýüze çykdy

Russiýanyň Týumen şäherindäki Antipinskiý nebiti gaýtadan işleýän zawotda şu gün irden ýangyn ýüze çykdy

1757007
Russiýada nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn ýüze çykdy

Ýangyn duýduryşy berilmeginden soň nebiti gaýtadan işleýän zawotda işleýän takmynan 200 adam howpsuz ýere geçirildi. 

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine degişli 86 işgär we 30-a golaý ýangyny söndüriji ulag nebiti gaýtadan işleýän zawoda gönükdirildi. 

Ýangyn zawoda gönükdirilen topar tarapyndan edilen 2 sagatlyk tagallanyň netijesinde söndürildi. 

Týumeniň gubernatory nebiti gaýtadan işleýän zawotdaky tankeriň içiniň boş bolmagy sebäpli pajygaly hadysanyň bosagasyndan gaýdylandygyny habar berdi. 

Russiýanyň iň uly hususy edarasy bolan Antipinskiý nebiti gaýtadan işleýän zawod ýyllyk 7,5 million tonna nebit önümçiligini amala aşyryp bilmek kuwwada eýe bolup, zawotdan nebit geçiriji turbalaryna ýylda 2,3 million tonna nebit ugradylýar. 



Degişli Habarlar