Donald Trampyň çagalary kazyýete çagyryldy

Baş Prokuratura ozal bolsa görkezme bermegi üçin Donald Trampy kazyýete çagyrypdy we özüne 7-nji ýanwara çenli möhlet berilendigini habar beripdi

1756680
Donald Trampyň çagalary kazyýete çagyryldy

ABŞ-da Nýu-Ýorkyň Baş Prokuraturasy emläkleriniň gymmatlyklary babatynda gozgalan derňew işiniň çäginde ýurdyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň ogly Donald Trump Jr we gyzy Iwanka Trampy görkezme bermekleri üçin çagyrdy. 

Baş Prokuratura Donald Trampyň emläklerini dolandyrýan çagalarynyň, ady agzalan gozgalmaýan emläkleriniň gymmatlyklary babatynda manipulýasiýa edip-etmezliklerine göz ýetirilmek üçin görkezme bermekleri babatynda karara gelinendigini beýan etdi. 

Kazyýetiň talaby bilen baglanşykly Tramplardan entek hiç hili beýanat berilmedi. 

Trampyň maşgala kärhanasy bolan "Trump Organization"-da ýolbaşçy bolan Donald Trampyň beýleki ogly Erik Tramp hem ozal mesele bilen bagly kazyýete çagyrylypdy we 2020-nji ýylyň ahyrynda görkezme beripdi. 

Baş Prokuratura ozal bolsa görkezme bermegi üçin Donald Trampy kazyýete çagyrypdy we özüne 7-nji ýanwara çenli möhlet berilendigini habar beripdi. 

Trampyň aklawçylaryndan bolsa kazyýetyň kararynyň goý bolsun edilmegi üçin işe girişiljekdigi barada beýanat berilipdi. 



Degişli Habarlar