Dünýäniň iň garry adamy 119 ýaşady

Dünýäniň iň garry adamy hökmünde kabul edilýän ýaponiýaly zenan Tanaka Kane 119 ýaşyna girdi

1755895
Dünýäniň iň garry adamy 119 ýaşady

Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan 2019-njy ýylyň mart aýynda dünýäniň iň garry adamy ady berilen Tanaka düýn 119 ýaşyna gadam basdy. 

Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Fukuoka welaýatyndaky garrylar öýüniň birinde ýaşaýan Tanakanyň el hereketleriniň üsti bilen işgärler bilen aragatnaşyk saklaýandygy mälim edildi. 

Sanly tapmaça oýnamagy halaýan Tanakanyň şokolad we gazlandyrylan içgiler halaýandygy habar berildi. 

9 doganyň 7-njisi bolup 1903-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda dogulan we 19 ýaşynda durmuşa çykan Tanakanyň ýoldaşynyň we oglunyň 1937-nji ýylda II Hytaý-Ýapon urşuna gidendikleri aýan edildi. 

Tanakadan ozal dünýäniň iň garry adamy, 2018-nji ýylyň iýul aýynda 117 ýaşynda ýogalan ýaponiýaly zenan Çiýo Miýako bolupdy. 

Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, hasaba alynan dünýäniň iň garry adamy 1997-nji ýylda 122 ýaşynda aradan çykan fransuz zenan Žanna Luiza Kalman bolandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar