Talibanyň lideri halka zulum edilmezligini we umumy günä geçişlige gulak asylmagyny isledi

Talibanyň lideri Molla Hibetullah Ahundzade, toparyň agzalaryndan halka zulum edilmezligini we umumy günä geçişlige gulak asylmagyny isledi

1754788
Talibanyň lideri halka zulum edilmezligini we umumy günä geçişlige gulak asylmagyny isledi

Talibanyň lideri Molla Hibetullah Ahundzade, Kandagar welaýatynda Talibanyň resmileri bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda, ozalky dolanşykda işlän adamlaryň ozalky günäleri sebäpli jezalandyrylmaly däldigini beýan etdi. 

Özi tarapyndan yglan edilen umumy günä geçişlige gulak asylmagyny islän Ahundzade, Talibanyň agzalarynyň serkerdeleriň görkezmelerin ýerine ýetirmelidiklerini habar berdi. 

Ahundzade: "Ýolbaşçylaryňyzyň size amanat eden jogapkärçiligi usullara, esaslara we kanunlara görä ýerine ýetiriň we eden-etdilik işlerinden gaça duryň" diýip nygtady. 

Talibanyň agzalaryna ýüzlenip çykyş eden Ahundzade, Talibanyň agzalaryndan owgan halkynyň mertebesini goramaklaryna garaşýandygyny we adaladyň ýerine ýetirilmegi üçin göreş alyp barmaklarynyň gerekdigini belledi. 

Ahundzade, hiç kime zulum edilmezligini isläp: "Talibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümediň agzalary, dil we etnik gelip çykyşa görä däl, başarnygyna görä wezipe bermeldir. Ulular sylansyn we her kimiň haky berilsin" diýip beýan etdi. 

Her bir Owganystanyň raýatynyň ýurdyň içinde hormatlanýandygyny aýdan Ahundzade, hiç kimiň daşary ýurtlara gitmeginiň gerek däldigini habar berdi. 

Talibanyň 15-nji awgustda Owganystany ele geçirmeginden soň Talibanyň agzalarynyň ozalky hökümediň düzüminde bolan howpsuzlyk güýçlerine ezýet berilendigi baradaky materiallar adamlaryň nägileliklerine sebäp döredipdi. 



Degişli Habarlar