Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogany Täze ýyly bilen gutlady

1754781
Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady

Kreml tarapyndan berilen beýanata görä Putin Erdogana ugradan gutlag hatynda, Kowid-19 epidemiýasyna garamazdan söwda, ykdysadyýet, energetika we harby tehnika ugurlary başda bolmak bilen Russiýa-Türkiýe gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin tagalla edilendigini beýan etdi. 

Älem giňişliginiň parahatçylykly ýollar bilen ulanylmagy we Kowid-19 sanjymlarynyň önümçiligi babatynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň bardygyny aýdan Putin: "Umumy tagallalar bilen sebitleýin durnuklylygyň we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi maksady bilen dostlukly rus we türk halklarynyň bähbidine boljak halkara meselelerdäki giň-gerimli hyzmatdaşlygyň we netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem özgerjekdigine ynanýaryn" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar