Halkara Güýçler Yrakdan Çekildi

Mustafa Al Kazymi, DAEŞ-e garşy döredilen halkara koalisiýanyň ähli güýçleriniň ýurtdan çekilendigini aýtdy.

1754543
Halkara Güýçler Yrakdan Çekildi

Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazymi, ABŞ-nyň öňbaşçylygynda terror guramasy DAEŞ-e garşy döredilen halkara koalisiýanyň ähli güýçleriniň ýurtdan çekilendigini aýtdy.

Mustafa Al Kazymi, Twitterden beren habarnamasynda, ABŞ bilen Yragyň arasynda geçirlen gepleşikler netijesinde daşary ýurtly esgerleriň ýurtdan çekilendigini mälim etdi.

Kazymi, halkara koalisiýanyň iş möhlediniň tamamlanandygyny, ähli güýçleriň we harby enjamlarynyň dolulygyna Yrakdan çekilendigini belledi.

DAEŞ-e garşy alyp baran göreşlerine goldaw beren koalisiýa güýçlerine, goňşy we hyzmatdaş ýurtlara sagbolsun aýdan Kazymi, Yragyň güýçleriniň halkyny goramak üçin taýardygyny nygtady.

Terror guramasy DAEŞ, 2014-nji ýylyň iýun aýynda Yragyň Mosul, Salahaddin we Anbar welaýatyny dolulygyna, Diýala we Kerkuk welaýatlarynyň hem bir bölegini ele geçiripdi.

Ady agzalýan ýerler birnäçe ýyl soň yzyna alnypdy.

ABŞ-nyň öňbaşçylygynda DAEŞ-e garşy döredilen halkara koalisiýa, 2014-nji ýyldan başlap logistiki, maglumat we howa hüjümleri bilen Yragyň güýçlerine goldaw beripdi.

ABŞ bilen Yrak, iýul aýynda halkara koalisiýa güýçleriniň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ýurtdan çekilmegi meselesinde ylalaşyk gazanypdy.

Halkara koalisiýa we Yrak 9-njy dekabrda, koalisiýa güýçleriniň Yrakdaky iş möhlediniň gutarandygyny we çekilendigini mälim edipdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar