Blinken Kärdeşleri Bilen Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

Blinken, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň Daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1754873
Blinken Kärdeşleri Bilen Ukraina Meselesi Hakynda Pikir Alyşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň Daşary işler ministrleri bilen Ukraina meselesiniň başda durmagynda özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýs mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, Blinkeniň Fransiýanyň Daşary işler ministri Le Drian, Germaniýanyň Daşary işler ministri Annelena Baerbock we Britaniýayň Daşary işler ministri Elizabet Truss bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

Ministrler telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan hüjüm ediji syýasatyny dowam etdiren halatynda Russiýa üçin jerimesiniň agyr boljakdygyna ünsi çekdi.

Ukrainanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlygyna we bitewilige goldaw berýändiklerini nygtan ministrler, Eýranyň ýadro maksatnamasyna bolsa alada bildirýändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar