Sana Howa Menzili Ýaňadandan Açyldy

Howa menzili ynsanperwer kömekleri üçin ýaňadandan açyldy

1753626
Sana Howa Menzili Ýaňadandan Açyldy

Eýran tarapyndan goldanýan Ýemendäki Husiler, bir hepde soň halkara Sana howa menziliniň BMG bilen birlikde beýleki halkara guramalar tarapyndan berlen ynsanperwer kömekleri üçin ýaňadandan açylandygyny habar berdi.

Husiler tarapyndan berlen beýannamada bir hepde ozal saklanan uçar saparlarynyň BMG bilen birlikde beýleki halkara guramalar tarapyndan berlen ynsanperwer kömekleri üçin ýaňadandan açylandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Sanadaky halkara howa menzilindäki käbir enjamlarda ýüze çykan näsazlygyň ortadan aýrylmagyndan soň uçar saparlary ýaňadandan başlady” diýildi.

Husiler, Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň, 21-nji dekabrda halkara howa menzilinde guran hüjüminden soň howa menzilinde uçar saparlarynyň saklanandygyny mälim edipdi.

Hyzmatdaş güýçleri bolsa Husileriň howa menzilini hüjümden öň ýapandygyna ünsi çekdi.

Husiler, 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri paýtagt Sana bilen birlikde käbir ýerlere gözegçilik edýär.

Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri bolsa 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri Husilere garşy Ýemeniň hökümetine goldaw berýär.


Etiketkalar: #howa menzili , #Husiler , #Ýemen

Degişli Habarlar