Gruziýa Türkiýe Bilen Edýän Gatnaşyklaryndan Hoşal

“Türkiýe bilen ýakyn dostlukly we doganlyk gatnaşyklarymyz dowam edýär”

1753585
Gruziýa Türkiýe Bilen Edýän Gatnaşyklaryndan Hoşal

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili, Türkiýe bilen edýän strategik gatnaşyklaryndan hoşaldyklaryny nygtady we özara gatnaşyklaryň has-da güýçlendirilmelidigini aýtdy.

Premýer-ministr Garibaşwili, Imedi TW telewideniýesinde eden çykyşynda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça maglumat berdi.

Gruziýanyň Türkiýe bilen edýän gatnaşyklary hakynda durup geçen Garibaşwili “Türkiýe bilen ýakyn dostlukly we doganlyk gatnaşyklarymyz dowam edýär” diýdi.

İýun aýynyň başynda paýtagt Ankarada saparda bolandygyny ýatladan Garibaşwili, Prezident R. T. Erdogan tarapyndan içginlik bilen kabul edilendigini nygtady.

Premýer-ministr Garibaşwili “Prezident Erdoganyň içginligi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Birnäçe meseläni giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk” diýdi.

Türkiýäniň sebitiň güýçli ýurtlaryndan biridigini we Gruziýanyň Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin tagalla edýändiklerini aýdan Garibaşwili “Türkiýe elbetde sebitiň güýçli aktýorlaryndan biri we biz strategik hyzmatdaşlygymyzdan hoşal. Özara gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmak isleýäris”diýip belledi.



Degişli Habarlar