Türkiýede bilim alan somalili öz ýurdunyň Goranmak ministri wezipesine bellendi

Abdulkadir Muhammed Nur Ankara uniwersitediniň Syýasy ylymlar fakultediniň Halkara gatnaşyklar bölümini tamamlapdy

1752824
Türkiýede bilim alan somalili öz ýurdunyň Goranmak ministri wezipesine bellendi

Ýokary okuw bilimini Türkiýede tamamlan Somaliniň Adalat ministri Abdulkadir Muhammed Nur, Ministrler kabinetiniň mejlisinde amala aşyrylan üýtgeşmelerden soň, ýurdunyň Goranmak ministri wezipesine bellendi. 

Somaliniň Premýer ministri Muhammed Hüseýin Roble, Ankara uniwersitediniň Syýasy ylymlar fakultediniň Halkara gatnaşyklar bölüminden uçurym bolan Abdulkadir Muhammed Nury ýurdyň Goranmak ministri wezipesine belledi. 



Degişli Habarlar