Hytaýyň uçargöter gämisi Ýaponiýanyň günortasyndan geçdi

Hytaýyň Liaoning atly uçargöter gämisiniň (awianoses) liderlegindäki jemi 5 gämi Ýaponiýanyň günortasyndaky Okinawanyň suw giňişliginden geçdi

1753035
Hytaýyň uçargöter gämisi Ýaponiýanyň günortasyndan geçdi

Ýaponiýanyň Goranmak ministrligine görä, Hytaýyň Liaoning atly uçargöter gämisiniň (awianoses) liderlegindäki jemi 5 gämi Ýaponiýanyň günortasyndaky Okinawa bilen Miakožima adalarynyň arasyndan geçdi. 

Ilki bilen Ýuwaş okeanyna tarap ugur alan flotyň, adalary geçeninden soň, demirgazyk tarapa ugur alyp, Gündogar Hytaý deňizine girendigi we Hytaýa tarap barýandygy aýan edildi. 

Gämi hereket edýärkä Hytaýa degişli uçarlaryň we dikuçarlaryň gonuş we uçuş amala aşyryp, tälim geçenedikleri habar berildi. 

Ýaponiýanyň metbugatynda Liaoning atly uçargöter gämisiniň liderligindäki flodyň, 2021-nji ýylyň aprel aýyndän bäri ilkinji gezek adalaryň töwereginden geçendigine ünsler çekildi. 

Gözegçilik maksatly Ýaponiýanyň Harby-deňiz güýçlerine degişli Izumo fregat gämisiniň liderligindäki flot sebite gönükdirildi. 

 



Degişli Habarlar