Eýranda Ýer Titredi

Hürmuzgan welaýatynda 5 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

1753103
Eýranda Ýer Titredi

Eýranyň günortasynda ýerleşýän Hürmüzgan welaýatynda 5 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Tähran uniwersitetinden berlen beýannama görä, Hürmüzgan welaýatynyň merkezi Bender Abbas şäherinde ýerli wagt bilen 11.01-de ýer titredi.

Ýer titremesiniň ýeriň 15 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Ýer titremesinde ýogalanyň ýada ýaralananyň bolup bolmandygy hakynda hiç hili maglumat berilmedi.



Degişli Habarlar