Baýden Saglyk Ýagdaýy Kadaly Bolsa 2024-nji Ýylda Geçiriljek Saýlawda Dalaşgär Bolar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden saglyk ýagdaýy kadaly bolsa, 2024-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlary üçin gaýtadan dalaşgär bolmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

1751476
Baýden Saglyk Ýagdaýy Kadaly Bolsa 2024-nji Ýylda Geçiriljek Saýlawda Dalaşgär Bolar

Baýden “ABJ” telýaýlymyna beren interwýusynda gaýtadan dalaşgär bolmagy pikir edip etmeýändigi hakyndaky soraga; “Men nesibä sarpa goýýan adam. Meniň durmuşym iňňän nesibeli boldy. Häzirkisi ýaly şol wagt hem saglyk ýagdaýym gowy bolsa gaýtadan dalaşgär bolaryn” diýip jogap berdi.

Baýden, alyp baryjy Dewid Moirin ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp bilen ýene bir gezek bäsleşmek isläp islemeýändigi hakyndaky soraga bolsa; “Dalaşgär bolsa, Tramp bilen näme üçin bäsleşmäýin! Ol bäsleşigiň hilini ýokarlandyrar” diýip jogap berdi.

Ak Tam mundan ozal hem 2024-nji ýylda 81 ýaşynda boljak Baýdeniň prezidentlik üçin gaýtadan dalaşgär bolmak niýetiniň bardygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar