Hindistanda nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn boldy

Hindistanyň Günbatar Bengal ştatyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýüze çykan ýangynda 3 adam ýogaldy

1751023
Hindistanda nebiti gaýtadan işleýän zawotda ýangyn boldy

Resmiler Gündogar Medinipur sebitindäki Haldai şäherinde ýerleşýän "Indian Oil Corporation" kärhanasyna degişli zawotda ýüze çykan ýangynda 3 adamyň ýogalandygyny, 44 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdiler. 

Ýangynyň söndürilendigi we ýagdaýyň gözegçilik astyna alynandygy mälim edildi. 

"Indian Oil Corporation" kärhanasy tarapyndan berilen beýanatda, ýaralanan adamlaryň bejergi edilmekleri maksady bilen Haldai hassahanasyna gönükdirilendigi aýan edildi

Resmiler ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygyny anyklamak üçin derňew işlerini geçirmäge başladylar. 



Degişli Habarlar