ÝB Ýene-de 200 Million Doza BioNTech Sanjymyny Aldy

Pfizer-BioNTech 2022-nji ýylda ÝB-ne jemi 650 million doza sanjym berer.

1750249
ÝB Ýene-de 200 Million Doza BioNTech Sanjymyny Aldy

ÝB-nyň, Amerikaly derman firmasy Pfizer bilen nemes firmasy BioNTech tarapyndna täze görnüş koronawirusa garşy öndürlen 200 million doza sanjym satyn alandygy habar berildi.

Pfizer-BioNTejh tarapyndan berlen beýannamada, ÝB-niň 2022-nji ýyl üçin 450 million doza sanjym satyn alandygy ýatladyldy.

Beýannamada, ÝB-niň 450 million doza sanjyma goşmaça ýene-de 200 million doza sanjym alandygy bellenildi.

Şeýlelikde Pfizer-BioNTech 2022-nji ýylda ÝB-ne jemi 650 million doza sanjym berer.

Ýewropa Komissiýasy, Pfizer-BioNTech firmasyndan 2022-2023-nji ýyl üçin jemi 900 million doza Kovid-19 sanjymyny satyn almak üçin ýüz tutupdy.



Degişli Habarlar