Putin Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider Ukraina we Garabag meselesi hakynda pikir alyşdy.

1750712
Putin Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kremlden berlen ýazmaça beýannama görä, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Putin bilen Makron telefon söhbetdeşliginde Ýewropanyň durnuklylygy we howpsyzlygy hakynda pikir alyşdy.

Iki lider Ukraina we Garabag meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

Putin, “Normandiýa formatynda” sammitiň geçirilmeginiň, Ukrainanyň hökümetiniň Minsk ylalaşygynyň şertlerini ýerine ýetirip ýetirmezligine baglydygyny nygtady.

Garabag meselesinde başdan geçirilýän soňky wakalary ara alyp maslahatlaşan Putin bilen Makron, sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin edilýän tagallalardan hoşaldygyny belledi.



Degişli Habarlar