Malaýziýadaky sil apatynda 14 adam ýogaldy

Malaýziýada aşa ýagan ýagyşlardan soň emele gelen sil apatynda ýogalanlaryň sany 14 adama ýetdi

1750315
Malaýziýadaky sil apatynda 14 adam ýogaldy

Malaýziýada 17-nji dekabr anna günündan başlap 3 günüň dowamynda täsirli bolan aşa ýagyşlardan soň paýtagt Kuala-Lumpuryň bir bölegi suwyň aşagynda galdy. 

Aglabasy Pahang welaýatyndan bolmak bilen takmynan 51 müň adam howpsuz ýerlere göçürildi. Siliň täsirli bolan ýerlerinde jemi 14 adam ýogaldy. 

Beýleki tarapdan hökümet ýagyşdan ozal ýeterlik derejede duýduryş bermezlik bilen tankyt edildi. 

Düýn 7-si Malaýziýanyň Selangor welaýatyndan bolmak bilen jemi 11 adamyň ýogalandygy habar berilipdi. 



Degişli Habarlar