Astana Gepleşikleri Nur Soltanda Başlady

Siriýa meselesine çözgüt tapmak maksady bilen başladylan Astana gepleşikleriniň hemaýatkärleri Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň wekiliýetleri Gazagystanyň paýtagty Nur Soltanda 17-nji gezek duşuşdylar.

1750299
Astana Gepleşikleri Nur Soltanda Başlady

Duşuşyklarda Türkiýä Daşary işler öinistrliginiň Siriýa işleri boýunça Baş müdiri, Ilçi Selçuk Ünalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet wekilçilik edýär.

Russiýa döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Siriýa boýunça şahsy Wekili Aleksandr Lawrentýew, Eýrana Daşary işler ministriniň syýasy işlerden jogapkär Geňeşçisi Ali asgar Hajy wekilçilik edýar. Maslahata Siriýadan Daşary işler ministriniň orunbasary Aýman Susan we harby oppozisiýa bolsa Ahmet Tumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite Wekilinin kömekçisi Kawla Mattaryň gatnaşmagyndaky duşuşyga Yrak, Iordaniýa we Liwan “synçy” hökmünde gatnaşýarlar.

Türk wekiliýeti gepleşikleriň çäginde ilki bilen BMG-niň Siriýa boýunça ýörite Wekiliýeti bilen duşuşdy.

Iki gün dowam etjek duşuşyklarda Siriýadaky soňky ýagdaý, ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi, Ženewadaky Siriýanyn Konstitutsion toparyň işlerine gaýtadan başlamagy, tussaglaryň çalyşylmagy, ýesir alynanlaryň boşadylmagy we dereksiz ýitenleriň gözlenmegi ýaly ynamy güýçlendiriji çäreler ara alynyp maslahatlaşylar.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Siriýa boýunça şahsy Wekili Aleksandr Lawrentýew duşuşykdan ozal metbugatyň wekillerine beren beýannamasynda ilkinji nobatda ýerlerdäki şertler we hüjümleriň bes edilmegi boýunça pikir alyşjakdyklaryny aýtdy.

Lawrentýew soňky döwürde Siriýada DEAŞ we beýleki terror toparlarynyň öýjükleriniň gaýtadan işe girişmäge başlandygyny nygtap; “Hem türkiýeli hem-de eýranly hyzmatdaşlarymyz bilen geçirjek duşuşyklarymyzda bu meseläni ileri tutarys” diýdi.

Siriýa meselesi boýunça Astana gepleşikleri 2017-nji ýylda Siriýa meselesine çözgüt tapmak maksady bilen Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň hemaýatkärlik etmeginde başlapdy.

 



Degişli Habarlar