ABŞ-nyň Tehas ştatynda Meksika serhedine diwar örülmäge başlandy

Diwar Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet döwründe ulanylan polat sütünler bilen örülmäge dowam edilýär

1749939
ABŞ-nyň Tehas ştatynda Meksika serhedine diwar örülmäge başlandy

ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýurduň ozalky Prezidenti Donald Tramp tarapyndan meýilleşdirilen we neşe söwdasy bilen migrantlaryň bikanun geçişleriniň öňüniň alynmagyna garşy başladylan we birnäçe wagt soň togtadylan diwaryň gurluşygyna ýaňadandan başlandy. 

Tehas ştatynyň gubernatory Gregg Abbott mesele bilen bagly beren beýanatynda, taslamany durmuşa geçirmäge başlajakdyklaryny aýan etmeklerinden 6 aý soň gurluşygyň ozal görülip-eşidilmedik derejede tiz depginler bilen dowam edýändigini we günde 100 metrden gowrak diwaryň örülýändigini mälim etdi. 

Abbott diwaryň adam söwdasy we neşe söwdasy ýaly kontrabandanyň, migrantlaryň bikanun geçişleriniň öňüniň alynmagy we sebitiň ýaşaýjylarynyň howpsuzlyk astynda ýaşamaklary maksady bilen örülýändigini habar berdi. 

Abbott ozal hiç bir ştatyň öz diwaryny örmäge mejbur galmandygyny belläp, Tehasyň Milli gwardiýasynyň hem sebitde howpsuzlyk işlerine gatnaşýandygyny beýan etdi. 

Diwar Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet döwründe ulanylan polat sütünler bilen örülmäge dowam edilýär. 


Etiketkalar: #Tehas , #Meksika , #diwar , #ştat , #ABŞ

Degişli Habarlar